Türkmenistanyň ýaşaýjylary möwsümleýin ýiti respirator wirus ýokançlyklaryna garşy sanjymy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, şeýle hem saglyk öýlerinde alyp bilerler. Lukmançylyk taýdan garşy görkezmeler bolmadyk we maşgala lukmany bilen maslahatlaşan islendik adam sanjymy alyp biler. Sanjym üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan ykrar edilen Ýewropa öndürijileriniň waksinalary ulanylýar. Sanjym barada goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly anyklap bolýar: 36-98-46, 36-90-67, 36-91-40 we 36-91-38. Möwsümleýin ýiti respirator wirus ýokançlyklaryna garşy sanjym ýurtda Milli sanjym senenamasyna goşmaça çäre hökmünde girizildi. Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň bellemegine görä, sanjym diňe bir ýokançlyklaryň özünden däl-de, eýsem olaryň döredip biljek agyr gaýra üzülmelerinden hem goraýar. Sanjym almak, aýratyn-da, iki ýaşa çenli çagalar, garry adamlar, ýürek-damar kesellerinden ejir çekýänler we immuniteti gowşak adamlar üçin örän möhümdir. Sebäbi bu toparlarda ýiti respirator wirus ýokançlyklary has agyr geçýär. Şol bir wagtyň özünde, sanjym keselleriň öňüni almagyň esasy düzgünleriniň ornuny tutmaýar. Sagdyn bolmak üçin elleri sabyn bilen yzygiderli ýuwmak, otaglary wagtly-wagtynda ýelejiretmek we çygly arassalamak, dogry iýmitlenmek, ukyny ýeterlik derejede almak hem-de bedenterbiýe maşklary bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Şeýle-de gündelik iýmitde C witaminine baý önümleriň paýyny artdyrmak maslahat berilýär. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda maşgala lukmanyna ýüz tutmak we özbaşdak bejergi bilen meşgullanmazlyk zerurdyr. Sebäbi antibiotikler wiruslara garşy täsir etmeýär, derman serişdelerini lukmanyň gözegçiligi bolmazdan kabul etmek bolsa gaýra üzülmelere we bejerginiň netijeliliginiň peselmegine getirip biler.