Çehiýanyň paýtagty Praga şäheriniň demir ýol menzilinden uzak bolmadyk ýerde iki sany ýolagçy otlusy çakyşyp, ejir çekenler bar. Bu barada «Around Prague» portalyna salgylanýan «Belta.by» habar berdi. Polisiýanyň habaryna görä, otlularyň birinde 80 töweregi, beýlekisinde on adam bardy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 15 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler. Biraz soňrak ýurduň telewideniýesi ejir çekenleriň sanynyň 46 adama ýetendigini habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→