Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat dokma toplumy Täze ýyl baýramçylygy, şeýle hem toý-dabaralar we şanly seneler mynasybetli ýörite taýýarlanan ýokary hilli dokma önümleriniň giň görnüşlerini alyjylara hödürleýär. Bu önümler 100% pagtadan taýýarlanyp, ekologiki taýdan arassalygy, özboluşly dizaýny we ýumşaklygy bilen tapawutlanýar. Aşgabat dokma toplumy ýokary hilli dokma önümlerini hödürleýär Täze ýylda çagalaryňyzy we dost-ýarlaryňyzy begendirmek üçin dokma toplumynyň dükanlaryndan dürli sowgatlyklary, çagalar üçin ýumşak düşekçe toplumlaryny hem-de ýumşak oýnawaçlary satyn alyp we web-saýt arkaly onlaýn sargyt edip bilersiňiz. Öndürilýän önümleriň hatarynda toý-dabaralar üçin niýetlenen serpaýlyk hem-de toy paylary, şeýle hem doglan günler we dürli şanly seneler mynasybetli sowgat bermek üçin niýetlenen ýörite sowgatlyk toplumlar aýratyn orun eýeleýär. Aşgabat dokma toplumy ýokary hilli dokma önümlerini hödürleýär Mundan başga-da, alyjylara dürli ölçegdäki we reňkdäki Çalgyçlar, bir we iki adamlyk hammam toplumlary, öý hojalygynda gündelik ulanmak üçin aşhana toplumlary, ýorgan-düşek daşlyklary we beýleki dokma önümler hödürlenilýär. Önümçilikde sintepon, wiskon we bambuk ýaly materiallar hem ulanylýar. Bu harytlar sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýar. Ýokary hilli çig mallardan we häzirki zaman tehnologiýalary esasynda öndürilýän bu dokma önümleri baýramçylyk günlerinde ýakynlaryňyz üçin amatly sowgat bolar hem-de gündelik ulanyşda rahatlygy üpjün eder. Habarlaşmak üçin: Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 597-nji jaý Galkynyş köçesi, 70-nji jaý, «Älem saýlan» dükany; A.Nyýazow köçesi, 117/1, «Goza» dükany. Telefon: 23-23-60 Web-saýt: adt.com.tm

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→