Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau Türkmenistana saparynyň dowamynda ýurduň ýolbaşçylary bilen Hazarüsti geçelgesiniň ugry boýunça energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamenti habar berýär. Bu edaranyň berýän maglumatyna görä, Kristofer Landau Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem türkmen we amerikan işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşar. Duşuşyklaryň dowamynda ol Hazarüsti geçelgesiniň ugry boýunça energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem «Halkara parahatçylyk we rowaçlyk ugrunda Trampyň ýoly» (TRIPP) başlangyjynyň çäklerinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ABŞ-nyň ygrarlydygyny tassyklar. Kristofer Landau 16–24-nji noýabr aralygynda dowam etjek daşary ýurt saparynyň çäklerinde türkmen paýtagtyna hem iş saparyny amala aşyrylar. Türkmenistandan başga-da, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Täjigistana we Türkiýä barar.