Türkmenistanyň Döwlet sirki 22-nji noýabrda täze möwsümini açyp, tomaşaçylara täze çykyşlaryny hödürlär. Maksatnamanyň çäklerinde halkara sirk festiwallarynyň alty gezek ýeňijisi bolan we baş baýraklara mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, şeýle hem «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary görkeziler. Mundan başga-da, tomaşaçylara dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen, ýokary derejede tälim berlen täsin haýwanlaryň çykyşlary hödürlener. Goşmaça maglumat almak we petekleri sargyt etmek üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44, 39-80-45.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→