UEFA Milletler ligasynyň bäşinji tapgyrynda Portugaliýanyň ýygyndysy Daniýanyň ýygyndysyndan asgyn geldi. A diwizionynyň 4-nji toparçasynyň çäklerinde Bragada geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Daniýanyň ýygyndysynyň düzüminde Pýer-Emil Heýbýerg (43-nji minutda, penaltiden), Rasmus Heýlund (50-nji we 57-nji minutlarda) hem-de Ýoakim Andersen (75-nji minutda) tapawutlandy. Portugaliýanyň düzüminde bolsa Bernardo Silwa 90+3-nji minutda ýeke-täk goly geçirdi. Duşuşyk başlamazdan öň Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümindäki 11 futbolçynyň ählisi Kriştianu Ronaldunyň hormatyna 7-nji belgili köýnekçeleri geýip, meýdança çykdy. Mundan ozal Ronaldu milli ýygyndydaky çykyşyny tamamlaýandygyny yglan edipdi. Duşuşygyň 7-nji minutynda stadionyň uly ekranynda milli ýygyndynyň öňki kapitanynyň şekili görkezildi. Janköýerler bolsa el çarpyp, onuň adyny belent ses bilen gaýtaladylar. Ronaldu ýygyndydan gidenden soňky ilkinji oýnunda Portugaliýa uly hasap bilen Daniýadan ýeňildi Duşuşyk üçin düzülen sanawa «Brýugge» toparynyň 22 ýaşly hüjümçisi Karlos Forbş 7-nji belgili köýnekçe bilen girizildi. Ol bu belgide 2025-nji ýylyň noýabr aýynda, Portugaliýanyň Ermenistany 9:1 hasabynda ýeňen duşuşygynda hem milli ýygyndynyň düzüminde ilkinji gezek çykyş edipdi. Şol oýunda Ronaldu oýnamakdan çetleşdirilendigi sebäpli meýdança çykmandy. Daniýa bilen duşuşygyň öňüsyrasynda Portugaliýanyň futbol federasiýasy köýnekçedäki 7 belginiň şekilini üýtgedip, onuň üstüne kese çyzyk goşdy. Çärýek finala çykmagy öňünden kepillendiren Portugaliýanyň ýygyndysy 12 utuk bilen toparçanyň öňdäki orunda galdy. Daniýa 9 utuk bilen ikinji orna çykdy. Norwegiýa 6 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär. Uelsiň ýygyndysy bolsa 3 utuk bilen toparyň soňky ornunda durýar. 17-nji noýabrda geçiriljek soňky tapgyrda Portugaliýa myhmançylykda Uels bilen, Daniýa bolsa öz meýdançasynda Norwegiýa bilen duşuşar. 41 ýaşly Kriştianu Ronaldu 5-nji noýabrda Portugaliýanyň milli ýygyndysyndaky çykyşyny tamamlaýandygyny yglan etdi. Ol 23 ýylyň dowamynda milli ýygyndynyň düzüminde 234 duşuşyk geçirip, 146 gol geçirdi. Ronaldu 2016-njy ýylda Ýewropa çempionatynda we iki gezek Milletler ligasynda ýeňiş gazandy. Ol milli ýygyndynyň düzümindäki soňky duşuşygyny 24-nji sentýabrda Uelsiň ýygyndysyna garşy geçirip, Portugaliýanyň 1:0 hasabyndaky ýeňşine goşant goşdy.