Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşmak üçin, Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherine bardy. Howa menzilinde türkmen wekiliýetini ýurduň Daşary işler ministrliginiň degişli ýolbaşçylary garşyladylar. Bu barada «NCA» agentligi habar berýär. Türkmen wekiliýeti Pakistana gulluk iş sapary bilen bardy Ozal habar berşimiz ýaly, 15-16-njy noýabrda Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirilýär. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, YHG-nyň çäklerinde söwda, ulag, energetika we beýleki ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine serediler. Onuň netijeleri boýunça Yslamabat Beýanatynyň we «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary — 2035» strategiýasynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.