Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň çäklerinde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň YHG-nyň çäklerinde özara hormat goýmak we sebitleýin ösüşiň umumy bähbitlerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygy tassyklanyldy. Sebitleýin durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň we gapma-garşylyklarynyň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegini yzygiderli goldaýandygy bellenildi. Duşuşygyň dowamynda «ECO Strategic Goals until 2035» atly strategik resminamanyň taýýarlanyş işleriniň tamamlanmagy oňyn garşylanyldy. Bu resminamanyň YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň tassyklamagyna hödürlenjekdigi bellenildi. Şeýle hem guramada başlyklygyň dowamlylygyny we yzygiderliligini üpjün etmegiň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň Sekretariatynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→