Günorta-Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň 49-njy sammiti düýn — ýekşenbede Filippinleriň paýtagty Manilede öz işine başlady. Ýokary derejeli duşuşyklar 17-nji noýabra çenli Filippinleriň Prezidenti Ferdinand Markos-kiçiniň başlyklygynda geçiriler. 2026-njy ýyl üçin guramada Filippinleriň başlyklygynyň şygary «Biziň geljegimizi bilelikde garşylamak üçin» diýip, TASS habar berdi. Ýurduň Prezidenti Markos ASEAN-yň sammitiniň netijeleri we özi bilen bagly duşuşyklar boýunça 100-den gowrak jemleýji resminamanyň taýýarlanandygyny habar berdi. Olar, esasan, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen gurama agza döwletleriň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň, sebit howpsuzlygynyň hem-de Günorta-Hytaý deňzinde hereket etmegiň geljegine bagyşlanar. Sammitiň jemleriniň esasy resminamasy bileleşigiň agza döwletleriniň golaý iki onýyllygy nazarlaýan «ASEAN 2045» ösüş maksatnamasynyň esasynda goýlar. Ýeri gelende aýtsak, ASEAN guramasyna 11 döwlet girýär.