Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly III halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi. Oňa Azerbaýjandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Moldowadan, Rumyniýadan, Pakistan Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan hem-de Özbegistandan zehinli talyplaryň, ýaş alymlaryň 280-e golaýy öz ylmy-taslama işlerini hödürledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden has tapawutlanan ýaşlaryň 100-e golaýy baýrakly orunlara mynasyp görüldi. Hödürlenen taslamalar üç ugur boýunça seljerilip, umumylykda, tapawutlanan talyplaryň 26-sy birinji, 41-si ikinji, 77-si bolsa üçünji orunlara eýe boldular. Bäsleşigiň üç ugrunda birinji orunlary eýelän talyplaryň sany boýunça türkmenistanly ýaşlar öňdeligi eýelediler. Has takygy, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinden 10, şeýle hem Russiýa Federasiýasyndan 8, Hytaý Halk Respublikasyndan 1, Rumyniýadan 1, Özbegistandan 1, Belarusdan 2, Gazagystandan 3, Moldowadan hem 2 talyp birinji orna mynasyp boldy. Baýrakly orunlary eýelänler Diplomlar bilen sylaglanyldy. Bäsleşik oba hojalygy, maglumat tehnologiýalary (IT) hem-de işewürlik taslama ugurlary boýunça geçirilip, bu ugurda ýaşlaryň ylmy gözlegleri, täze innowasiýalary hem-de işewürlik başlangyçlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. Bäsleşige hödürlenen taslamalarda ýaşlaryň oba hojalygyny ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudagyna öwürmäge, innowasion çözgütleri we täze önümçilik tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga hem-de ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri aýdyň göründi. Şeýle hem ýaşlaryň ylmy taslamalarynda tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topragyň şorlaşmagynyň we medeni zolaklaryň çölleşmeginiň öňüni almak, pudagy sanlylaşdyrmak, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak, oba hojalygynda önümçiligi ýokarlandyrmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly döwrüň möhüm wezipelerine hem aýratyn üns berilýär.