Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda yglan edilen «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry üç şert boýunça geçirildi. Birinji şertde zenanlar keşdeçilik sungatyna çagalykdan başlan höwesleri, ýaka, tahýa, kürte keşdeläp başlamakda zerur bolan iňňe saýlamak, ýüpek sapaklary işmek, saljak nagşyna laýyklap, ýerligini biçmek, ýerini bölmek ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Ikinji şertde bäsleşige gatnaşyjylar keşde sungatyny belentden wasp etdiler. Şol bir wagtyň özünde hem iňňe tutulyşyny, sanjylyşyny görkezdiler, işilen ýüpekleri işiň ýerligine görä ulanyşlary, çekýän keşdeleriniň taryhy barada gürrüň berdiler. Üçünji şertde bolsa olar taýýarlan el işleriniň waspyny goşgularyň, rowaýatlaryň, gazallaryň üsti bilen çeper beýan etdiler. Netijede baş baýraga Balkan welaýatynyň keşdeçi zenanlary, birinji orna Mary welaýatynyň keşdeçileri, ikinji orna Aşgabat we Arkadag şäherleriniň keşdeçileri, üçünji orna bolsa Ahal, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň keşdeçi zenanlary mynasyp boldular. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→