Futbol boýunça Italiýanyň ýygyndysy Milletler ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji, altynjy tapgyrynda Belgiýanyň ýygyndysyndan uly hasap bilen ýeňildi. A ligasynyň 1-nji toparçasynyň çäklerinde Brýusselde geçirilen duşuşyk 4:1 hasabynda Belgiýanyň peýdasyna tamamlandy. Mundan üç gün öň italýanlar Fransiýanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňipdiler. Duşuşykda hasaby ilki myhmanlar açdy: 11-nji minutda Françesko Pio Espozito Italiýanyň ýygyndysyny öňe çykardy. Emma mundan soň belgiliýaly futbolçylar yzly-yzyna dört gol geçirdiler. 15-nji minutda Maksim De Keýper, 22-nji minutda Natan Ngoý, 26-njy minutda Žeremi Doku tapawutlandy. 80-nji minutda bolsa Diego Moreýra duşuşygyň soňky goluny geçirdi.90-njy minutda Espozito jerime urgusyndan peýdalanyp, hasap tapawudyny azaltmaga mümkinçilik aldy, emma ol penaltini dürs ýerine ýetirip bilmedi. Toparçanyň beýleki duşuşygynda Fransiýanyň milli ýygyndysy öz meýdançasynda Türkiýäni 2:1 hasabynda ýeňdi. Fransiýa 13 utuk toplap, toparçada birinji orny eýeledi. 12 utuk toplan Belgiýa ikinji ýeri eýeledi. Iki ýygyndy hem çärýek finala çykmagy başardy. Italiýa 10 utuk bilen üçünji orunda galdy. Hiç hili utuk toplap bilmedik Türkiýäniň ýygyndysy bolsa toparçada iň soňky orny eýeleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→