17–21-nji noýabr aralygynda Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanda öz ýurdunyň aşhanasynyň 11-nji hepdeligini geçirer. Bu halkara başlangyç Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrligi tarapyndan ýurduň milli aşhanasyny we özboluşly azyk önümlerini dünýä tanatmak hem-de wagyz etmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda bu çäre Ýewropa medeniýetiniň günleriniň çäklerinde geçiriler. Italiýanyň aşhanasynyň ÝUNESKO tarapyndan maddy däl medeni miras hökmünde ykrar edilmegi bilen baglylykda, şu ýylky çäräniň dowamynda Italiýanyň aşpezlik däplerine, ýurduň sebitleriniň tagamlarynyň köpdürlüligine hem-de nesilden-nesle geçirilip gelinýän aşpezlik tejribesiniň dowamatlylygyna aýratyn üns berler. Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlardaky sahypalarynda habar bermegine görä, Aşgabatda geçiriljek maksatnama Italiýanyň däp bolan tagamlaryny we süýjüliklerini taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklaryny öz içine alýar. Bu çäre medeni alyş-çalşygyň ösdürilmegine hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→