Aşgabat şäheriniň «Kerwen» topary zenanlaryň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guralan ýaryş 9–12-nji noýabr aralygynda Arkadag şäherinde geçirildi. Kümüş medala Lebap welaýatynyň «Miras» topary, bürünç medala bolsa «Mary» topary mynasyp boldy. Ýaryşa, şeýle hem «Altyn täç» we «Balkan» toparlary gatnaşdy. «Kerwen» topary zenanlaryň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy Birinjilik ýurtda zenanlar futbolyny ösdürmek maksady bilen geçirilýär. Federasiýanyň berýän maglumatyna görä, ýaryş milli ýygyndynyň düzümine täze oýunçylary saýlap-seçip almak üçin hem mümkinçilik döredýär.