Soňky üç aýda Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda hereket edýän kärhanalaryň sany 9,9 göterim ýokarlandy. Bu barada «Uzdaily» ýazýar. Bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrdaky ýagdaýa görä, Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda hereket edýän kompaniýalaryň sany 354-e deň. Şol çeşmäniň 1-nji awgustdaky ýagdaý esasynda beren habarynda bu görkeziji 322 kärhana barabardy. Munuň özi soňky üç aýda goňşy ýurtda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda hereket edýän kompaniýalarynyň sanynyň 32 birlik ýa-da 9,9 göterim möçberinde artandygyna şaýatlyk edýär. Umuman alnanda, häzirki wagtda Özbegistanda daşary ýurt maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen kärhanalaryň 23,5 müňden gowragy hereket edýär. Şolaryň 7,1 müňüsi Hytaýyň, 3,8 müňüsi Russiýanyň we 2,5 müňüsi Türkiýäniň paýyna düşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→