Türkmenistanyň ýaş pälwanlary 14–15-nji noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide geçirilen erkin göreş boýunça «RAF NEXT GEN Abu Dhabi» halkara ýaryşynda ýedi medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň Sport göreşi federasiýasy habar berdi. Federasiýanyň berýän maglumatyna görä, türkmen toparynyň hasabynda üç altyn, iki kümüş we iki bürünç medal bar. Altyn medallara Yklym Gaýtnazarow (30–34 kg agram derejesinde), Idris Melejaýew (71 kg) we Ahmet Baýramow (92 kg) mynasyp boldular. Ýusup Baýramow (75 kg) we Hajy Gaýtnazarow (38 kg) kümüş medallary eýelediler. Ybraýym Babalyýew (34 kg) we Salyh Nurmuhammedow (38 kg) bolsa bürünç medallara mynasyp boldular. «RAF NEXT GEN Abu Dhabi» ýaryşy ussatlaryň «Real American Freestyle» (RAF) ligasy tarapyndan Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk departamenti hem-de BAE-niň Göreş federasiýasy bilen bilelikde guralan ilkinji halkara ýaşlar ýaryşy boldy. Ýaryşa dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýüzlerçe ýaş türgen gatnaşdy.