Şu gün Aşgabatdaky «Sport» myhmanhanasynda «Migrasiýany dolandyrmak we daşary ýurt raýatlarynyň köpçülikleýin akymy ýüze çykan ýagdaýynda olara wagtlaýyn gorag bermek» atly okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahaty Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guralýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda habar berilýär. Bellenilişi ýaly, okuw maslahatynyň gün tertibi migrasiýa ulgamyndaky giň gerimli möhüm wezipeleri öz içine aldy. Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň bilermenleri tarapyndan geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda taraplar migrasiýa işlerini dolandyrmagyň döwrebap usullaryny we halkara goragyň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşylar. 18-nji noýabra çenli dowam etjek bu okuw maslahaty hünär kämilleşdirilmegine, serhetleri toplumlaýyn dolandyrmagyň öňdebaryjy halkara standartlaryny öwrenmäge, şeýle hem strategiki meýilleşdirmegiň, töwekgelçiliklere baha bermegiň döwrebap usullaryny özleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem pudagara gatnaşyklaryny, gözegçilik amallaryny döwrebaplaşdyrmak, migrasiýa we serhet howpsuzlygy çygrynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak bilen bagly temalar okuw sapaklaryň özenini düzýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→