Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona bagyşlanan täze kitap «Halk Prezidenti barada halk gazeti» diýlip atlandyrylýar, bu kitabyň eýýäm dördünji jildidir diýip, «MIR 24» habar berýär. Neşir 2021 — 2025-nji ýyllar aralygyny öz içine alýar. Bu ýyllar özgertmeleriň, parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginiň, milli ykdysadyýetiň ösüşiniň, şeýle hem Täjigistanyň halkara gün tertibi boýunça başlangyçlarynyň öňe sürülmeginiň dowam etdirilen döwrüdir. Kitaba döwlet Baştutanynyň çykyşlary, söhbetdeşlikleri, ýüzlenmeleri, şeýle-de iş we resmi saparlarynyň jemleri girdi. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de Respublikanyň Prezidentiniň gününe gabatlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→