Türkmen halkynyň Milli Lideri «Depegum» atly söwda merkeziniň gurluşygy bilen tanyşlygynyň barşynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimine şäher häkimliginiň «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen ylalaşykly işlemelidigini aýtdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara howa menzilinde üstaşyr ýolagçylar üçin ulag üpjünçiligini, olary myhmanhanalarda ýerleşdirmek we söwda merkezlerine aýlanyp bilmek mümkinçiligini ýola goýmak babatda bilelikdäki tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu işleriň myhmanlar üçin bolşy ýaly, şäher häkimligi üçin hem bähbitli boljakdygyny aýtdy. Täze söwda merkeziniň çäklerinde köp orunlyk awtoduralganyň hereket edýändigini nazara alyp, onuň işini netijeli ýola goýmak ugrunda zerur tagallalar edilmelidigi bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→