Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň ýanynda gurulýan «Depegum» atly söwda merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, taryhyň dowamynda ýurtda täjirler we söwda kerwenleri üçin ýörite kerwensaraýlaryň gurlandygyny, olarda argyşdan gelýän adamlar üçin hyzmatlaryň ýola goýlandygyny belläp, Gahryman Arkadag täze söwda merkezinde döredilýän şertleriň halkara talaplaryna laýyk gelmelidigini, bu ýerde ulular üçin bolşy ýaly, çagalar üçin hem ýokary derejeli amatlyklaryň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. Şeýle hem şekil taslamalary bilen tanyşlygyň barşynda merkezde elektron kitaphananyň döredilýändigi barada maglumat berildi. Ondan adamlaryň aýratyn-da, ýaşlaryň isleg bildirýän kitaplaryny okap biler ýaly häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyk gelýän mümkinçilikler döredilýär. Çagalaryň we ýaşlaryň älem giňişligini, asman jisimlerini hem-de ylmy açyşlary öňdebaryjy tehnologiýalaryň kömegi bilen täsirli hem-de öwrediji tejribe arkaly özleşdirmeklerinde ähmiýeti bolan ýokary hilli bölümiň bolmagy söwda merkeziniň esasy aýratynlyklarynyň birine öwrüler. Gahryman Arkadag bu ýerde ýaşlaryň kitap okamaklary we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin döredilýän şertleriň, olara edilýän hyzmatlar bilen utgaşykly ýola goýulmalydygyny, kitap okaýanlara çaý, kofe we beýleki tagamlaryň hödürlenmegi ýaly hyzmatlaryň hödürlenmelidigini aýtdy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadag merkeziň çäginde çagalaryň elektron döredijilik bilen meşgullanmaklary, olaryň sanly ulgam arkaly surat çekmek we dürli çyzgylary ýerine ýetirmek endiklerini ösdürmek babatda zerur şertleriň döredilmelidigine üns çekdi. Şeýle hem merkezde çagalaryň ata-eneleri üçin döredilýän şertler häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelmelidir. Merkeziň ýokarky we aşaky gatlaryna münüp-düşmek üçin degişli mümkinçilikleriň döredilmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir. «Depegum» atly söwda merkezinde häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda, döwrebap kinoteatryň döredilýändigi barada maglumat berildi. Onda döwrebap tehnologiýalar, sanly ulgam we emeli aň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylar. Kinoteatr uly gümmez ekranyndan hereketli oturgyç ulgamyndan ybarat bolup, onda ýörite tehnologiýa arkaly tomaşaçylaryň ýeli, suw damjalaryny we ýakymly ysy duýup bilerleri ýaly mümkinçilikler dörediler. Bu ýerde dünýä ýurtlarynyň taryhy, medeniýeti we esasy şäherleri bilen tanyşdyrmak mümkinçiligem ýola goýlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze söwda merkezinde döredilýän mümkinçilikleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmeginiň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→