Türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow 14-nji noýabrda BAE-niň paýtagtyndaky Etihad Arena arenasynda geçirilen Real American Freestyle (RAF) Abu Dhabi ýaryşynda amerikaly Kaýl Deýkden ýeňildi. Birinji agyr agram (Cruiserweight, 86 kg) derejesindäki çempionlyk ugrunda geçen duşuşyk Deýkiň 10:0 hasabyndaky tehniki artykmaçlygy bilen tamamlandy. Kaýl Deýk göreşe işjeň girişdi we eýýäm birinji raundda 7:0 hasabynda öňe saýlandy. Üçünji raundda amerikaly türgen hasaby 10:0-a ýetirip, duşuşygy möhletinden öň tamamlady. 20 ýaşly Alp Arslan Begenjow üçin bu duşuşyk RAF-daky ilkinji çykyş boldy. Türkmen pälwany gönümel guramanyň birinji agyr agram derejesindäki çempionlyk ugrunda göreşmäge mümkinçilik aldy. Alp Arslan Begenjow 2024-nji ýylda Pontewedrada 79 kg çenli agram derejesinde dünýä birinjiliginde ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň taryhynda ýetginjekleriň arasynda (U20) erkin göreş boýunça ilkinji dünýä çempiony boldy. Şol ýyl türgen Aziýanyň ýetginjekler çempionatynyň altyn medalyny hem gazandy. 2026-njy ýylda Begenjow 86 kg çenli agram derejesine geçdi we Bratislawada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň bürünç medalyny eýeledi. 35 ýaşly Kaýl Deýk dünýä çempionatynda dört gezek ýeňiş gazanan we Olimpiýa oýunlarynda iki gezek bürünç medal alan pälwandyr. Alp Arslan Begenjowy ýeňmek bilen ol RAF-yň bu agram derejesindäki çempionlyk titulyny gorady.