Kiçi planetalar merkezi (MPC) 2026 QQ8 atly kiçijik asteroidiň Ýeriň dartyş çägine wagtlaýyn düşendigini we häzirki wagtda planetamyzyň daşyndan aýlanýandygyny tassyklady. Bu barada Live Science neşiri habar berýär. Bu asman jisimini ilkinji bolup awgust aýynda wengriýaly barlagçy Kristian Sarneskiý ýüze çykardy. Asteroidiň diametri iki metre golaý bolup, häzirki wagtda ol Aýdan, takmynan, bir ýarym esse uzaklykda ýerleşýär we Ýer üçin hiç hili howp döretmeýär. Hatda ol planetamyza has golaýlaşan ýagdaýynda-da, Ýeriň atmosferasynda ýanyp ýok bolmak ähtimallygy ýokary. 2026 QQ8 Günüň daşyndan 359 günde bir aýlaw edýär we Aton toparyna degişli asteroidleriň hataryna girýär. Ol 2027-nji ýylyň ýanwaryna çenli Ýeriň golaýynda hereket edip, şondan soň planetamyzyň dartyş çäginden çykyp gider. Alymlar uly bolmadyk asteroidleriň Ýeriň dartyş çägine wagtlaýyn düşmeginiň ýygy-ýygydan gabat gelýän hadysadygyny belleýärler. Olaryň köpüsi planetamyzyň golaýynda bir ýyldan uzak saklanmaýar. Emma käbirleri Ýeriň dartyş meýdanynda onlarça ýyllap galyp bilýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→