Dizaýner Rick Owens adidas kompaniýasy bilen bilelikde Springblade tehnologiýasy esasynda täze aýakgap toplumyny taýýarlady. Geljegiň tehnologiýalaryny ýada salýan özboluşly dizaýnly bu toplumda iki sany pes we bir uzyn gonçly krossowka bolup, ol Rick Owens x adidas Springblade Fall 2026 diýlip atlandyrylýar. Täze aýakgaplaryň esasy tapawudy olaryň oltaňynyň aýratyn maýyşgak polimer böleklerinden düzülmegidir. Kiçijik päkileri ýatladýan bu gurluş adidas kompaniýasy tarapyndan 2010-njy ýyllaryň başynda işlenip düzülipdi we häzirki toplumyň esasy bezegine öwrüldi. Springblade Runner-iň pes gonçly görnüşleriniň üstki bölegi torjumak matadan we deriden taýýarlanyp, olaryň böwürlerinde üç sany uly adidas çyzygy ýerleşdirilipdir. Bu aýakgaplar açyk goňur (Light Brown) we gara (Core Black) reňklerde satuwa çykarylar. Toplumyň has üýtgeşik modeli Springblade Boot aýakgabydyr. Onuň ýumşak matadan taýýarlanan ýygyr-ýygyr giň gonjy oltaňyň gaty hem-de tas mehaniki gurluşy bilen tapawutly sazlaşyk döredýär. Alty ýyllap işläp düzülen Springblade tehnologiýasy ilkinji gezek 2013-nji ýylda köpçülige hödürlenipdi. Tehnologiýanyň esasy maksady ýere basylanda oltaňyň aýratyn bölekleri gysylyp, indiki ädim üçin güýji yzyna gaýtaryp bermekden ybaratdy. Täze toplum 17-nji noýabrda satuwa çykarylar. Springblade Runner-iň bahasy 590 dollar, Springblade Boot-uň bahasy bolsa 850 dollar bolar. Aýakgaplary adidas CONFIRMED goşundysy, adidas we Rick Owens kompaniýalarynyň resmi söwda platformalary, şeýle-de käbir ýöriteleşdirilen dükanlar arkaly satyn alyp bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→