BAE-niň Abu-Dabi şäherinde erkin göreş boýunça Real American Freestyle (RAF) Abu Dhabi ýaryşy geçirildi. Onuň esasy wakasy Hamzat Çimaýew bilen Kris Waýdmanyň arasyndaky ýarym agyr agram derejesinde RAF-yň krossower-çempion diýen erkin tituly ugrundaky söweşi boldy. Üç raundlyk tutluşyk BAE-niň adyndan çykyş edýän Çimaýewiň tehniki artykmaçlygy bilen tamamlandy. Ol 9:0 hasabynda öňde barýarka, Waýdman çellenj sorady, ýöne ol ret edildi. Şunlukda, Çimaýew RAF ligasyndaky bäşinji ýeňşini gazanyp, öz rekordyny 5:0-a ýetirdi. Waýdman üçin bu tutluşyk RAF ligasyndaky ilkinji çykyşy boldy. Amerikaly türgen ilkibaşda Çimaýew bilen duşuşmaly bolan, emma şikes sebäpli ýaryşdan çykan Kolbi Kowingtony çalyşdy. Çempionlyk tutluşyklarynyň birinde türkmen göreşijisi Alp Arslan Begenjow çykyş etdi. RAF ligasyndaky ilkinji tutluşygynda ol birinji agyr agram derejesinde liganyň häzirki çempiony Kaýl Deýkden tehniki artykmaçlyk bilen ýeňildi. Hemme tutluşyklaryň netijeleri: Hamzat Çimaýew (BAE) — Kris Waýdman (ABŞ) — ikinji raundda Çimaýew tehniki artykmaçlyk bilen ýeňiş gazandy, 10:0 (ýarym agyr agramda RAF Crossover çempiony tituly); Arman Sarukýan (Ermenistan) — Neýman Greýsi (Braziliýa) — birinji raundda Sarukýan tehniki artykmaçlyk bilen ýeňiş gazandy; Zabit Magomedşaripow (Russiýa) — Giga Çikadze (Gruziýa) — ikinji raundda Magomedşaripow tehniki artykmaçlyk bilen ýeňiş gazandy; Abdulraşid Sadulaýew (Russiýa) — Dauren Kurugliýew (Gresiýa) — Sadulaýew 8:5 hasabynda ýeňdi; Kaýl Deýk (ABŞ) — Alp Arslan Begenjow (Türkmenistan) — üçünji raundda Deýk tehniki artykmaçlyk bilen ýeňiş gazandy, 10:0 (birinji agyr agramda RAF çempiony tituly); Ýuraýýa Feýber (ABŞ) — Saba Lazişwili (Gruziýa) — Lazişwili 12:7 hasabynda ýeňiş gazandy; Jordan Barrouz (ABŞ) — Azamat Nurikow (Belarus) — Barrouz 9:0 hasabynda ýeňdi; Kaýl Snaýder (ABŞ) — Şamil Ärdogan (Türkiýe) — ikinji raundda Snaýder tehniki artykmaçlyk bilen ýeňiş gazandy (ýarym agyr agramda RAF çempiony tituly); Murtaza Talha (Bahreýn) — Usama Elsaidi (Müsür) — eminleriň karary bilen Talha ýeňiş gazandy; Diana Awsaragowa (Russiýa) — Julianna Penýa (ABŞ) — birinji raundda Awsaragowa tuşe bilen ýeňdi;

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→