Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilip, nyşanynyň kabul edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halk bilen maslahatlaşyp, täze 2027-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyna üns çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.