Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Türkmen energiýa» halkara ylmy-amaly maslahatyna taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlaryň ýöriteleşdirilen tehnologiki tanyşdyrmalary bilen gatnaşmagy hem-de bu ýerde nebit-gaz ýataklaryny geljekde ylmy taýdan esaslandyrylan sanly çözgütler esasynda özleşdirmekde täze ylmy açyşlary we oýlap tapmalary görkezmek meýilleşdirilýär. Bu möhüm ähmiýetli çäräniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen utgaşykly esasda geçirilmegi halkara inžener tehnologik kompaniýalaryň ylmy-barlag institutlarynyň bilermenleriniň ýurtda döredilen şertler bilen tanyşmaklaryna, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmaklaryna mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→