Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynda öňe süren başlangyçlarynyň many-mazmunyny, olary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýakyn wagtda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumy bilen bilelikde halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu baradaky teklip 13-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan beýan edildi. TDH-de habar berlişi ýaly, ilki bilen, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmagy we netijeli işlemegi babatda döredilen şertler üçin hormatly Prezidente tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň 10-11-nji noýabrynda agzalan maslahatyň çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşmagy uly ähmiýetli waka boldy. Gahryman Arkadagyň sammitde eden çykyşy halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretdi we giň goldawa eýe boldy. Milli Lider çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň, Kioto teswirnamasynyň we Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny hem-de düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen bäş sany möhüm halkara başlangyjy öňe sürdi. Bu başlangyçlar ekologik abadançylygy üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilendir. Galyberse-de, olar häzirki döwrüň ählumumy ekologiýa gün tertibinde duran derwaýys meseleleri çözmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Gahryman Arkadagyň öňe süren başlangyçlarynyň many-mazmunyny, olary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýakyn wagtda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumy bilen bilelikde halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek baradaky teklibi beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Milli Lideriň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşyp, öňe süren başlangyçlarynyň ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Gahryman Arkadagyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→