Özbegistanda ýokary ýa-da ýokary okuwdan soňky bilimiň eýeleri 3,27 million adamdyr (ilatyň 12 göterimi). Bu barada respublikanyň Milli statistika geňeşiniň maglumatyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Şunda ýurduň ilatynyň köp böleginiň umumy orta ýa-da ýörite orta we hünärmen bilim bilen çäklenýändigi bellenýär. Umumy orta bilimli özbegistanlylaryň sany 11,6 milliona (ilatyň 15 ýaşdan ýokary böleginiň 42,8 göterimi), ýörite orta ýa-da hünärmen bilim eýeleriniň sany bolsa 9,7 milliona (35,8 göterim) deňdir. Ýerli «Podrobno.uz» neşiriniň maglumatlaryna laýyklykda, ýurduň 15 ýaşa çenli we ondan ýokary her bir müňünji ýaşaýjysyna 120 sany ýokary bilimli düşýär.