«Ýyldyzlar urşy» kino hekaýatyndaky Dart Weýderiň yşykly gylyjy ABŞ-da geçen söwdalaşykda bäş milliona golaý, ýagny 4,875 mln dollara satyn alnyp, nyrh babatda rekord goýdy diýip, «Heritage Auctions» auksion öýi habar berdi. «Gara güýjüň tarapynda geçen» rysar-jedaýyň ýaragy «Şadöwlet urgy edýär» hem-de «Jedaýyň gaýdyp gelmegi» filmlerinde ulanylypdy. Bu gylyjy şeýle hem ahyrky tutluşyk wagtynda Dart Weýderiň Lýuk Skaýuokere «Ýok, men seniň kakaň» diýen sahnasynda peýdalanypdylar.