Erkin göreş boýunça türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow eýýäm ertir 14-nji noýabrda ýaryş düşegine çykar. Ol Abu-Dabide geçiriljek «Real American Freestyle» (RAF) ýaryşynda amerikaly Kaýl Deýk bilen güýç synanyşar. Tutluşygyň öňüsyrasynda türgen özüniň sosial ulgamlardaky sahypasynda janköýerlerine ýüzlendi. «Ertir taryhy tutluşyk bolar. Men öz mümkinçiligimi bütin dünýä görkezmäge taýýar. Yzymda Watanym dur. Ýüregimde Türkmenistan!» — diýip, Begenjow ýazdy. Ol öz ýazgysynda RAF ýarşynyň resmi sahypasyny belläp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilini hem ýerleşdirdi. Ýatladyp geçsek, türgen 9-njy noýabrda ýaryşa çenli bäş günüň galandygyny we taýýarlyk işleriniň meýilnama laýyklykda dowam edýändigini habar beripdi. 20 ýaşly Alp Arslan Begenjow täze Olimpiýa tapgyrynda türkmen erkin göreşiniň geljegi uly türgenleriniň biri hasaplanýar. 2024-nji ýylyň sentýabrynda ol taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň adyndan ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony boldy. Türgen Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň (U20) dünýä çempionatynda 79 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazandy. 2026-njy ýylda 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip başlan Begenjow Bratislawada geçirilen ýetginjekleriň dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Onuň garşydaşy Kaýl Deýk «NCAA» ýaryşynyň dört gezek çempiony, dünýäniň dört gezek çempiony we Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek bürünç medalynyň eýesidir. Ol RAF ligasynda «Cruiserweight» diwizionynda çykyş edýär we häzirki wagtda bu diwizionyň çempiony bolup durýar. Abu Dhabidäki «Real American Freestyle» ýaryşy 14-nji noýabrda Ýas adasyndaky «Etihad Arena» sport toplumynda geçiriler. Bu ýaryş liganyň Ýakyn Gündogarda geçirilýän ilkinji çäresi bolar.