Britan şazadasy Uilýam dogany Garri bilen uzaga çeken düşünişmezligi dikeltmek kararyna geldi, emma onuň bilen aýaly Megan Marklyň gatnaşmagynda telefon ýa-da wideoaragatnaşyk arkaly gepleşjekdigini şert goýdy diýip, «MIR24» habar berdi. Çeşmelere görä, patyşa maşgalasynda doganlaryň uzaga çeken sowuk-sala gatnaşyklaryna nokat goýmagyň wagtynyň gelendigini aýdýarlar. Sebäbi Uilýam bilen Garriniň köp ýyla çeken öýkesi maşgala gatnaşyklarynda oňaýsyzlyk döredýär. Köşgüň «Biri-birinden gaçýan iki sany uly erkek kişi ownukçyl hem-de akmak bolup görünýär. Olaryň duşmançylygy tutuş ýurt üçin gülkä öwrüldi» diýen garaýşyny habarly çeşmeler belleýärler. Iki doganyň gürrüňdeşligine eýýäm taýýarlyk görülýär. Emma oňa olaryň aýallarydyr çagalary gatnaşmaz diýip, «Radar Online» neşiri ýazýar. Ýeri gelende, 2020-nji ýylda şazada Garriniň we onuň aýalynyň patyşa maşgalasynyň uly agzalary hökmündäki ygtyýarlylyklaryny aýrandyklaryny we ABŞ-a göçendiklerini ýatladýarys. Olar soňra beren interwýularynda britan maşgalasyny tankyt edipdiler. Galyberse-de, şazada Garri «Ätiýaçlykdaky» diýen ýatlamalaryny çap edip, dogany Uilýam hem-de kakasy bilen çylşyrymly gatnaşyklarynyň syryny beýan edipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→