Türkmen talyplary 4–10-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde geçirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika boýunça geçirilen Halkara toparlaryň arasyndaky olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, olimpiadanyň şahsy bäsleşiginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Oguzhan Garlyýew birinji orny eýeläp, altyn medala mynasyp boldy. Halymmuhammet Annageldiýew we Halmyrat Myratgeldiýew bolsa üçünji orunlary eýeläp, bürünç medallara mynasyp boldular. Abraýly matematika bäsleşigine Awstriýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşa Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň we Fransiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.