Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasy Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, köp ýyllaryň dowamynda öz öýünde hususy ýygyndylary toplap, ýörite öý muzeýini döreden Maýa Berdigylyjowa tarapyndan gowşurylan täsin we seýrek eserler bilen baýlaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, ýörite hasaba alnan eksponatlaryň uly bölegi — öý-hojalyk esbaplary, zähmet gurallary, haly we haly önümleri, milli egin-eşikleriň uly toplumy muzeýiň maddy medeniýet gaznasyna tabşyryldy. Gazna gowşan zergärçilik önümleri taryhy we etnografik taýdan ХIХ asyryň ahyryna, ХХ asyryň başlaryna degişli bolup, zergärçilik sungatynyň ýokary kämillik derejesini alamatlandyrýar. Täze gowşurylan gymmatlyklaryň hatarynda zenanlaryň egme, akdyrma, saçmonjuk, gülýaka hem-de bilezik ýaly bezeg şaý-sepleri hem bar. Zenanlaryň başgabyny — börügini (topbusyny) bezeýän uly egme zergärçilik sungatynyň iň çylşyrymly we haşamly görnüşleriniň biridir. Ahal we Mary welaýatlarynyň zenanlaryna mahsus bolan bu şaý-sep özüniň ýarym tegelek, ýaý berip duran gurluşy bilen tapawutlanýar. Kümşüň ýüzüne altyn çaýylan saldamly goşma bilezikler, saçgupbadyr saçmonjugyň ýanynda ullakan şelpeli gülýaka hem aýratyn ünsüňi çekýär. Türkmen zenanynyň gelşigine öwrülen şelpeli gülýaka özüniň çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Onuň ýüzüne oturdylan hakyk we reňkli daşlar, aşak etegindäki kümüş şelpeler gelin-gyzlaryň milli lybaslaryna aýratyn öwüşgin berýär. Gülýakanyň ýüzündäki nagyşlaryň köpdürlüligi bolsa zergärçilik mekdebiniň kämil usullaryny özünde jemleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→