Bank kartlary, elektron tölegler, onlaýn bank hyzmatlary we sanly maliýe çözgütleri pul dolanyşygynyň tizligini ýokarlandyrýar. Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýynda 10,3 milliard manat bolup, 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda bu görkeziji 18,5 milliard manada ýetdi we 79,7 göterim ýokarlandy. 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlaryna birikdirilen müşderileriň sany, degişlilikde, 1351,8 we 126,9 müňden geçip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu ugurda, degişlilikde, 108,1 we 123,4 göterim ösüş gazanyldy. Ylmyň we tehnikanyň gazananlary ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyryp, olaryň döwrebap bank hyzmatlaryna bolan isleglerini has-da artdyrýar. Bu bolsa bank hyzmatlarynyň sanly tehnologiýalara esaslanýan täze görnüşlerini ýola goýmagy karz edaralarynyň öňünde möhüm wezipe edip goýýar. Bank ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen, milli puluň elektron görnüşdäki hereketiniň gerimi hem giňeýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→