10-njy noýabrda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri bilen Sanly hyzmatdaşlyk guramasynyň (DCO) wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mundan beýläkki ädimlerini, şol sanda bilelikdäki iş toparyny döretmek, maýa goýumlaryny çekmek, startaplary goldamak we «Merkezi Aziýa — Ýewropa» sanly geçelgesini ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tarapy DCO-ny «Türkmentel-2026» atly sergä gatnaşmaga çagyrdy. Öz gezeginde, DCO-nyň wekilleri türkmen tarapyna 2027-nji ýylyň mart aýynda Yslamabat şäherinde geçiriljek DCO-nyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin resmi çakylyk ibermegi meýilleşdirýändiklerini habar berdiler. Bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda döredilen Sanly hyzmatdaşlyk guramasy merkezi edarasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ýerleşýän halkara köptaraplaýyn guramadyr. DCO-nyň ýokary dolandyryş edarasy Ministrler Geňeşi bolup, onuň düzümine agza döwletleriň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary boýunça jogapkär ministrlikleriniň wekilleri girýär. DCO-nyň işi ählumumy sanly abadançylygy üpjün etmäge, sanly deňsizligi azaltmaga we inklýuziw sanly ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmaga gönükdirilendir. DCO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin sanly özgertmeler ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we ornaşdyrmak, tejribe alyşmak hem-de halkara standartlary ulanmak babatda täze mümkinçilikleri açýar. Hususan-da, guramanyň agza döwletleri bilen hyzmatdaşlyk elektron hökümet ulgamyny kämilleşdirmäge, emeli aň tehnologiýalaryny we akylly çözgütleri ornaşdyrmaga, şeýle hem startap ekoulgamyny ösdürmäge ýardam edip biler.