1–10-njy noýabr aralygynda Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Naýbaşy baýragy ugrundaky ýaryşyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu ýaryş Lebap welaýatynda yzly-yzyna ikinji ýyl geçirilýär. Oňa açyk dereje boýunça 125, zenanlaryň arasynda bolsa 56 küştçi gatnaşdy. Bäsleşikler dokuz tapgyrdan ybarat şweýsar ulgamy boýunça geçirildi. Esasy baýraklardan başga-da, alty ýaşa çenli iň körpe gatnaşyjylardan başlap, 18 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda jemi ýedi ýaş topary boýunça ýeňijiler we baýrakly orunlaryň eýeleri kesgitlenildi. Türkmenistanda küşt boýunça Naýbaşy baýrak ugurdaky ýaryşyň nobatdaky tapgyry ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçirildi Ýaryşyň baş gahrymanlarynyň biri Dänew etrabyndan Şageldi Gurbandurdyýew boldy. 12-nji synp okuwçysy, sport ussatlygyna dalaşgär (CM) derejesiniň eýesi, reýtingi 2152-ä deň bolan ýaş küştçi açyk derejede mümkin bolan 9 utukdan 8-sini toplap, ynamly ýeňiş gazandy. Ikinji orny 7,5 utuk toplan Ilhan Çaryýew (2172) eýeledi. Üçünji orun bolsa 7 utuk bilen ýaryşy tamamlan FIDE-niň ussady (FM) Mergen Kakabaýewe (2209) miýesser etdi. Türkmenistanda küşt boýunça Naýbaşy baýrak ugurdaky ýaryşyň nobatdaky tapgyry ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçirildi Zenanlaryň arasynda Mary welaýatyna wekilçilik edýän, 2009-njy ýylda doglan Jennet Ýalkanowa (1921) ýeňiji boldy. Ikinji orny «Küşt älemi» küşt akademiýasynyň türgeni Nurana Söýünowa (1921) eýeledi. Lebap welaýatyndan bolan 16 ýaşly Mähri Agamyradowa (2101) bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Türkmenistanda küşt boýunça Naýbaşy baýrak ugurdaky ýaryşyň nobatdaky tapgyry ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçirildi Ýaryşyň kiçi ýaş toparlaryndaky bäsleşikler hem aýratyn ünsi çekýär. Ýaş küştçüleriň köpüsi üçin şeýle ýaryşlara gatnaşmak tejribe toplamak, öz mümkinçiliklerini synap görmek we hakyky sport göreşiniň şertlerinde dogry çözgütleri kabul etmegi öwrenmek üçin möhüm mümkinçilik bolup durýar. Türkmenistanda küşt boýunça Naýbaşy baýrak ugurdaky ýaryşyň nobatdaky tapgyry ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçirildi Alty ýaşa ýetmedik çagalaryň arasynda hem baýrakly orunlar ugrunda bäsleşikleriň geçirilendigi aýratyn bellärliklidir. Küşt dünýäsindäki uly üstünliklere tarap ýol köplenç hut şunuň ýaly ilkinji ýaryşlardan başlanýar.