Emeli aň 2030-njy ýyla çenli dünýäde iş orunlarynyň 1,7 million sap ösüşini üpjün eder diýip, Gartner agentligi çaklaýar. Emma şunuň bilen baglylykda, iş orunlarynyň 8,9 million azaldylmagyna sebäp bolar diýip, «Interfaks.ru» habar berdi. «Hemmelerden beter EA-nyň ornaşdyrylmagyna ymtylýan guramalar emeli aňy işçi güýjüni çalyşmak hökmünde däl-de, özgerýän bazarlarda hünärmen we tehnologik mümkinçilikleri kadalaşdyrmagyň serişdesi hökmünde garaýarlar» diýip, Gartner kompaniýasynyň baş seljerisi Helen Puatewen Barselonada «Gartner IT Symposium/Xpo» çäresinde eden çykyşynda aýtdy. 2026-njy ýylda EA-nyň zähmet bazaryna eden has uly täsirleriniň biri-de kompaniýalaryň 1,3 million iş ornuny döretmekligi soňa goýmagy boldy. Galyberse-de, geçen ýyl 2,2 million iş orny ýitirildi, 1,6 mln iş orny açyldy. Gartner kompaniýasynyň çaklamasyna laýyklykda, 2030-njy ýylda emeli aň sebäpli dünýäde işgärleriň 0,4 göterimden 1,8 göterimi çenlisi işini ýitirer. Şunda 20 göterimden gowrak, ýagny 435,5 million işgär işiň täze formatyna uýgunlaşmaly bolar.