2025-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlary arkaly geçirilen nagt däl tölegleriň möçberi 5052,8 we 33214,8 müň manatdan geçip, bu görkezijiler şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, 7496,5 we 78482,3 müň manada ýetdi. Geçen bir ýylyň dowamynda, degişlilikde, 1,48 esse we 2,36 esse ösüş gazanyldy. Bu görkezijiler ilatyň «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlaryndan işjeň peýdalanýandygyny görkezýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär. Döwrebap bank hyzmatlary arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 2021-nji ýylda 11529,0 million manat bolan bolsa, 2025-nji ýylda bu görkeziji 23428,7 million manatdan geçdi. 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda bu görkeziji 18522,0 million manada, geçen ýylyň degişli döwründe bolsa 15790,5 million manada ýetdi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň dokuz aýynda 17,0 göterim ýokarlandy.