11–12-nji noýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň ýoly» atly ylmy taslamalaryň III Halkara onlaýn bäsleşigi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşigiň guramaçylyk toparyna 94 sany ýokary okuw mekdebinden 280-e golaý ylmy taslama gelip gowuşdy. Öz ylmy barlaglaryny we inženerçilik işläp taýýarlamalaryny Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Rumyniýanyň, Moldowanyň we Täjigistanyň talyplary hödürlediler. Taslamalaryň awtorlary sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly eminler toparynyň öňünde göni ýaýlymda çykyş etdiler. Taslamalaryň tanyşdyrylyşy we bilermenler tarapyndan baha berilmegi iki günüň dowamynda geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça her ugurda I, II we III orunlara mynasyp bolan ýeňijiler we baýrakly orunlaryň eýeleri Türkmen oba hojalyk institutynyň diplomlary bilen sylaglandylar.