Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça çykyş edýän türkmen türgeni Abdylla Babaýew Moskwada geçiriljek «BETCITY FIGHT NIGHTS 145» ýaryşynda oktagona çykar. Onuň garşydaşy Täjigistanyň wekili Behruzdin Mardonow bolar. Ýeňil agram derejesinde geçiriljek tutluşyk üç raunddan ybarat bolar. Bu tutluşyk 26-njy noýabrda «SSKA Arena» sport toplumynda geçiriljek ýaryşyň maksatnamasyna girizildi. Abdylla Babaýew şu wagta çenli ussatlaryň derejesinde ýedi tutluşyk geçirip, olaryň altysynda ýeňiş gazandy, birinde ýeňildi. Türkmen türgeni gazanan ähli ýeňişlerini möhletinden öň tamamlady. Onuň garşydaşy Behruzdin Mardonowyň hasabynda bolsa dört ýeňiş we bir ýeňliş bar. Ol hem gazanan ähli ýeňişlerini möhletinden öň gazanypdyr.