Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna saparynyň ikinji gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň nobatdaky 31-nji maslahatyna gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, maslahatyň gün tertibine azyk howpsuzlygy, oba hojalygy, saglyk, energetika, ulag, söwda we maliýe, ylym-bilim, senagat, tehnologiýalar, şäherleri durnukly ösdürmek we zyňyndylary azaltmak boýunça milli borçnamalary pugtalandyrmak, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de durmuş-medeni maksatnamalar girizildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri sammitde çykyş etmek bilen Türkmenistanyň howa babatdaky strategiýasynyň esasynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynda we Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup durýandygyny belledi. «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bu ugurda möhüm üstünlikleriň biri boldy» diýip, Gahryman Arkadag aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda öz işine başlaýandygyny aýdyp, bu işiň ylalaşylan guramaçylyk hukuk gurallaryna we halkara standartlaryna laýyklykda, BMG hem-de beýleki halkara düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyryljakdygyny belledi.