Türkmenistanda «Hytaý kalligrafiýasynda halk paýhasynyň gözellik sazlaşygy» atly talyplaryň arasynda geçirilen hytaý dili boýunça onlaýn olimpiadanyň netijeleri jemlendi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda geçirilen olimpiada ýurdumyzyň 11 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Olimpiada «A» we «B» derejeleri boýunça geçirildi. «A» derejesinde ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini hünär hökmünde öwrenýän talyplar, «B» derejesinde bolsa dil hünärleri boýunça bilim almaýan talyplar bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijelerine görä, «A» derejesinde mümkin bolan 100 utukdan 96–98 utuk toplan dört sany iň gowy gatnaşyjy birinji orna mynasyp boldy. Olar Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Bägül Serdarowa we Resul Hanjykow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Oguljan Allanurowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Nurana Ýegenmyradowadyr. Bu üç ýokary okuw mekdebiniň 12 wekili bäsleşikde jemi 5 sany ikinji we 7 sany üçünji orny eýelediler. «B» derejesinde birinji orunlara Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Muhammetemin Atabaýew, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Mähriban Jumamyradowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Merjen Ýagşynazarowa hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Bägül Isgenderowa mynasyp boldular. Bu ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary jemi 4 sany ikinji we 8 sany üçünji orny eýelediler. Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolan gatnaşyjylary guramaçy ýokary okuw mekdebi tarapyndan degişli derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.