11 — 13-nji noýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda gurluşyk ministrleriniň duşuşygy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri A.Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşygyň çäklerinde gurluşyk, binagärlik, şähergurluşyk we infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri, şeýle hem bu ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri öz çykyşynda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtap geçdi. Şeýle hem umumy wezipeleri çözmekde öňdebaryjy tejribeleri alyşmak we amaly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, degişli pudaklaýyn edaralaryň arasynda yzygiderli dialogy alyp barmagyň ähmiýetini belledi. Bu ugurda 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Pekinde geçirilen gurluşyk ministrleriniň ilkinji duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen we gurluşyk hem-de şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat eden Pekin başlangyjynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda gurluşyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşýar Habarda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan birnäçe ugurlaryny öňe sürdi. Olaryň hatarynda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň hilini ýokarlandyrmak, şäherleriň we ilatly ýerleriň durnukly ösüşini üpjün etmek, sanly we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şeýle hem maýa goýum we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek ýaly meseleler bar. Mundan başga-da, ýer titremelerine durnukly gurluşyk, döwrebap şäherleri taslamak, şäher infrastrukturasyny dolandyrmagyň akylly ulgamlaryny ornaşdyrmak we jemgyýetçilik giňişliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler, şol sanda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda 2027-2028-nji ýyllarda gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy hem-de 2026-njy ýyl üçin gurluşyk meseleleri boýunça Bilelikdäki beýannamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylýar.