Düýn Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleriň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda deputatlar Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdiler. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi we oňa agza döwletler, şol sanda Germaniýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň oňyn depginde ösdürilýändigi bellenildi. Hususan-da, «Merkezi Aziýa – Germaniýa» dialogynyň sebitiň ykdysadyýet, energetika, ulag we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga täze itergi berýändigi aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentara gatnaşyklarynyň kanun çykaryjylyk we parlament işi boýunça tejribe alyşmaga, şeýle hem döwletleriň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri bilen tanyşmaga ýardam berýändigi bellenildi. Mundan başga-da, parlament diplomatiýasynyň üsti bilen özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy goldamagyň möhümdigi nygtaldy.