Hindistanyň günortasynda nusgawy rus ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiniň doglan gününiň 205 ýyllygyna bagyşlanan maslahatda yazyjynyň «Gülkünç adamyň düýşi» hekaýasynyň hem-de «Ak gijeler» powestiniň malaýalam dilindäki terjimesi bilen tanyşdyryldy. Bu barada RF-niň Triwandrumdaky hormatly konsuly Ratiş Naire salgylanýan TASS habar berdi. Maslahatda ýerli döredijilik wekilleri çykyş edip, Dostoýewskiniň ynsan ruhuna çuň aralaşýan, söýgini, hasraty, içki gapma-garşylygy ussatlarça şöhlelendirýän eserlerine ýokary baha berdiler. Beýik ýazyjynyň ýuwlugy Alekseý Dostoýewskiý wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edip, rus edebiýatynyň görnükli wekiliniň döredijilik mirasyna gyzyklanmalary üçin hindi alymlaryna hoşallyk bildirdi.