Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 10-11-nji noýabrda umumy bahasy 101 518 050,00 türkmen manadyna we 883 200,00 ABŞ dollaryna barabar bolan 7 sany geleşik baglaşyldy. Bu barada biržanyň resmi saýtynda habar berildi. 10-njy noýabrda daşarky bazarda BAE-niň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden 1-nji hilli arassalanan (rafinirlenen) pagta ýagyny, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý unyny we Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden aýna bankany satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 101 518 050,00 manada we 233 200,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy. 11-nji noýabrda, birža söwdalarynda daşarky bazarda BAE-niň işewürleri ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 650 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→