Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda ýurduň Ýeňiş güni we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli konsert dabarasy boldy. Oňa daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, Türkmenistanda ýaşaýan azerbaýjanlylar, paýtagtyň ýaşaýjylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Dabara Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowyň çykyşy bilen başlandy. Bellenilişi ýaly, Ýeňiş güni Azerbaýjanyň çäk bitewüliginiň dikeldilmeginiň, halkyň jebisliginiň hem-de gahrymançylygynyň dabaralanmasydyr. Döwlet baýdagynyň güni bolsa ýurduň özygtyýarlylygynyň hem-de milli özboluşlylygynyň nyşanydyr. Aşgabatda Azerbaýjanyň Ýeňiş güni we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli konsert boldy Habarda bellenilişi ýaly, ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň köp ýyllardan bäri ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem yzygiderli ilerledýändiklerine ünsi çekdi. Soňra dabara Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halk we at gazanan artistleriniň, tanymal bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeklerinde joşgunly aýdym-sazlara beslenen çykyşlar bilen dowam etdi. Aşgabatda Azerbaýjanyň Ýeňiş güni we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli konsert boldy Konsert maksatnamasyna laýyklykda, dabarada Üzeýir Gajibeýliniň, Tofik Kuliýewiň, Gara Garaýewiň, Fikret Amirowyň hem-de beýleki azerbaýjanly tanymal kompozitorlaryň eserleri dabara gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Çäräniň dowamynda türkmen we azerbaýjan sungat ussatlary diňe bilelikde hem birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→