«SARY Architects» binagärlik býurosy 18-20-nji noýabr aralygynda ABŞ-nyň Florida ştatynyň Fort-Loderdeýl şäherinde geçiriljek «World Architecture Festival (WAF) 2026» bütindünýä binagärlik festiwalyna gatnaşar. Býuronyň topary bu halkara gözden geçirilişde «Office» (Ofis) ugry boýunça finalçylaryň hataryna saýlanan «Yupekchi Headquarters» taslamasyny tanyşdyrar. «SARY Architects» «World Architecture Festival» festiwalynda «Yupekchi Headquarters» taslamasyny tanyşdyrar Festiwalyň çäklerinde býuronyň wekilleri halkara eminler toparynyň hem-de professional binagärlik bileleşiginiň öňünde taslamanyň tanyşdyrylyşy bilen çykyş ederler. «Yupekchi Headquarters» – «Yupekchi» kompaniýasynyň ştab-kwartirasynyň taslamasy bolup, onda binagärlik konsepsiýasy amatlylyk, içerki guramaçylyk we gündelik iş tertibi bilen jebis baglanyşykda göz öňünde tutulýar. Taslamanyň esasyny binagärligi, interýer çözgütlerini we jemgyýetçilik giňişliklerini bitewi bir ulgamda birleşdirýän häzirki zaman iş gurşawyny döretmek maksady düzýär. Onda tebigy yşyklandyryşa, içerki göwrümleriň guralyşyna hem-de binanyň daş-töweregi bilen sazlaşygyna aýratyn üns berildi. «SARY Architects» «World Architecture Festival» festiwalynda «Yupekchi Headquarters» taslamasyny tanyşdyrar Binanyň binagärlik keşbi ýerli medeni aýratynlyklara hem ýüzlenýär: fasad çözgütlerinde Türkmenistanyň binagärlik mirasyndan ylham alnan milli nagyşlar we öwüşginler ulanyldy. «World Architecture Festival» – dünýäniň dürli künjeklerinden binagärleri, taslamaçylary we ugurdaş pudagyň wekillerini birleşdirýän halkara meýdançadyr. Festiwalyň esasy aýratynlygy köpçülikleýin tanyşdyrylyş formaty bolup, onda awtorlar halkara eminler toparyna öz taslamalaryny hödürleýärler, konsepsiýa, taslamalaşdyryş işi we kabul edilen binagärlik çözgütleri barada gürrüň berýärler. «SARY Architects» «World Architecture Festival» festiwalynda «Yupekchi Headquarters» taslamasyny tanyşdyrar «Yupekchi Headquarters» taslamasynyň «WAF 2026-nyň» gysga sanawyna (şort-listine) girmegi «SARY Architects» toparyna häzirki zaman türkmen binagärligini halkara derejesinde görkezmäge mümkinçilik berýär. Bu býuro üçin dürli ýurtlardan kärdeşleri bilen tejribe alyşmak we häzirki zaman binagärlik usullarynyň ýerli aýratynlyklar bilen utgaşdyrylýan taslamalaşdyryş çemeleşmesi barada gürrüň bermek üçin hem uly mümkinçilikdir. «SARY Architects» «World Architecture Festival» festiwalynda «Yupekchi Headquarters» taslamasyny tanyşdyrar Býuronyň wekilleriniň bellemegine görä, «SARY Architects-iň» «World Architecture Festival 2026» festiwalyna gatnaşmagy Türkmenistanyň binagärlik kuwwatyny halkara bileleşigine tanyşdyrmak ugrundaky nobatdaky möhüm ädim bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→