Keniýada 11-nji noýabrda hassahanadan ebola ýokanjy bilen kesellän iň soňky hassany çykardylar. Düýn başlanan 42 günlük döwürde täze keselliler ýüze çykmasa, ýurt ýokançdan doly azat diýlip yglan ediler. Bu barada «MIR 24» habar berdi. Oktýabryň başynda Keniýada ebola ýokançlylaryň dokuzysy hasaba alyndy. Ilkinji hassa maýdan bäri ýokanç güýçli dowam edýän Kongo Demokratik Respublikasyndan gelen raýat boldy, ol soňra aradan çykdy. Hasabata laýyklykda, iki adam aradan çykdy, ýedi adam gutuldy. Ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi 19-njy oktýabrdan bäri kesellileriň hasaba alynmandygyny habar berdi. Emma muňa garamazdan, ýurtda ätiýaçlyk çäreleri güýçlendiriler, Kongo DR-den gelen raýatlar 21 günlük aýry saklanar diýlip, habarda bellenýär. Kongoda ýokanjyň möwjemesi 15-nji maýda resmi tassyklandy. Ol synlamalaryň bütin taryhynda ikinji uly möwjemedir, soňky maglumatlara laýyklykda, 11 müň adam keselledi, 5,3 müň adam pida boldy. Ebola ýokanjy Ugandada hem hasaba alyndy, emma ýerli häkimiýetler ýagdaýy gözegçilige alyp, onuň ýaýramagyny sakladylar.