Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleri Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatynda ýeňiş gazandylar. Milli ýygyndynyň türgenleri örän ýokary derejede taýýarlyk görkezdi we jemi 27 medal — 21 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berdi. Türkmenistanyň uniwersal söweş boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Orazgeldi Orazgeldiýew 90 kilogram agramda uniwersal söweşiň laýt ugrundan oktagona çykyp, altyn medal gazandy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport merkeziniň ezber türgeni, polisiýanyň podpolkownigi Şöhrat Orazgeldiýew 57 kilogram agram derejesinde altyn medallaryň ikisini gazandy. Ol uniwersal söweşde tutluşyklaryň iň bir professional, has takygy doly galtaşyga mümkinçilik berýän derejesi bolan «elit» görnüşindäki çykyşynda özbek ussadyna garşy oktagona çykdy. Netijede türkmenistanly türgen tutluşygy bary-ýogy 32 sekuntda ýeňiş bilen tamamlamagy başardy. Bu ýaryşda Seýran Orazgeldiýew üç medal gazandy. Aşgabatdaky 57-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy «laýt» görnüşden altyn, grepling hem-de nusgawy ugurlaryndan bolsa kümüş medallary aldy. Aşgabat şäherindäki 57-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Muhammedaly Orazgeldiýew uniwersal söweşiň «nusgawy» we «laýt» görnüşlerinden altyn medallary gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Döwran Orazgeldiýew bolsa 54 kg-de «nusgawy» görnüşden altyn medalyň eýesi boldy. Wekilbazar etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Nagmat Hojamammedow 100 kg-dan ýokary agram derejesinde «nusgawy» görnüşi boýunça altyn medaly gazandy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 5-nji ýyl talyby Wepa Hojamammedow 86 kg-a çenli agram derejesinde «nusgawy» görnüşde altyn we «laýt» görnüşde bürünç medalyň eýesi boldy. Eşret Gylyjow 77 kg-a çenli agramda «nusgawy», soňra bolsa 86 kg-a çenli derejede «laýt» görnüşlerde altyn medallary gazandy. Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Kuwwat Şöhradow 67 kg-a çenli agram derejesinde «nusgawy» görnüşde altyn we «laýt» görnüşde kümüş medallara mynasyp boldy. Ýaş türgenleriň arasynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Süleýman Allaýew tapawutlandy. 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 74 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip, ol «nusgawy» we «laýt» görnüşlerinde iki sany altyn medal gazandy. Şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Arsary Pirgulyýew 13 — 15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 71 kg-a çenli agramda bäsleşip, «nusgawy» görnüşde altyn we «laýt» görnüşde bürünç medal aldy. Aşgabatdaky 12-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Emirhan Röwşenow 13 — 15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 51 kg-a çenli agram derejesinde «laýt» görnüşde altyn we «nusgawy» görnüşde kümüş medalyň eýesi boldy. Aşgabadyň 47-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Mergen Gandyw 13 — 15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 60 kg-a çenli agramda «nusgawy» görnüşde bürünç, «laýt» görnüşde bolsa altyn medala mynasyp boldy. Türkmengala etrabynyň 19-njy mekdebiniň 63,5 kg-a çenli agramda çykyş eden 10-njy synp okuwçysy Merdan Täçew hem-de Ýolöten etrabynyň 2-nji mekdebiniň 44 kg-a çenli agramda çykyş eden okuwçysy Söhbet Çaryýew 13 — 15 ýaş toparynda çykyş edip, «nusgawy», hem-de «laýt» görnüşlerde altyn medallary gazandylar. Görkezme çykyşlarda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Şöhrat Allaýew uluraryň arasynda altyn medal gazanyp, örän gowy netije görkezdi.